Updated Aug 27, 2026 · v3.5.9
"Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" kitaphana programmasy
"Dermanlyk ösümlikler TM" ady bilen döredildi we ol Gahryman Arkadagymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmancylyk ylymynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly gymmatly ylmy esere esaslanýar. Arkadagymyz özüniň çuňňur ylmy garaýyşlarynda dermanlyk ösümlikleriň adamyň saglygyny goramakda, bedeniň we ruhuň sazlaşygyny saklamakda aýratyn orun eýeleýändigini nygtaýar. Bu eser türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryna bolan beýik hormatyň we halk lukmançylygynyň ylmy derejede ösdürilmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu programmada ulanyjy "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" 16 sany kitaplaryň içindäki gymmatly maglumatlary bir ýerden okap biler. Programma ullanmak üçin hiçhili internet gerek däl. Programma mugt. Programmanyň funksiýalary: - programmada birnäçe diller bar. - programmada garaňky režim bar. - hemme otlaryň arasyndan islendik zady bir sekundyň içinde tapyp bilersiňiz. - filtr funksiýasy bar. - tekstlary ulanyjy iki barmagy bilen ulaldyp we kiçeldip biler. - teksty saýlap nusgalap bolar. Programmanyň peýdaly taraplary: - Ýokary okuw ýada mekdep okuwçylary olimpiadalara taýýarlyk görip bilerler. - ulanyjy öz keselini bejermek üçin programmada gözleg bilen gerekli ösümlikleri tapyp biler. Programmanyň üstünde işlänler: Frontend & Backend - Annagulyýew Musa Frontend & Designer - Annagulyýewa Suraý Backend & Network - Mämmetgeldiýew Ysmaýyl Habarlaşmak üçin: 📧musa.annaguliev@gmail.com 📞+993 61192383
0 years on Google Play
This app isn't currently appearing in any tracked top charts.